irimçik

irimçik
[i:rimçik]
1) Birneme iri, onçakly ownuk bolmadyk, gereginçe maýda bolmadyk, iriräk.
∙ Onuň irimçik endigan dişleri akjaryp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Uly göwreli, görümi uly, daýaw.
∙ Olaryň gatyrlary hem onuň Owganystanda gören gatyrlaryndan irimçikdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ol uzyn boýly, irimçik adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Inçe däl, nepis däl, ýogyn.
∙ Irimçik gyldyrganly çäkmen ilkibada onuň kirli endamynyň gijisini getirýän ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Irimçik ýüň matalaryň işlenip çykarylyşy 88 prosent artdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem irimçik - irimçigi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»